
BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklary 1-nji fewralda BMG-niň Adam hukuklary boýunça öňki ýokary komissary Mişel Baçaletiň halkara guramanyň Baş sekretary wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi barada resmi habarnama aldylar. Bu barada Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň başlygynyň edarasynyň wekili La Neýs Kollinz brifingde mälim etdi. – Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklary 1-nji fewralda Mişel Baçaletiň dalaşgärlige hödürlenendigi barada habarnama aldylar. Baçalet dalaşgärlige Çili, Braziliýa we Meksika tarapyndan hödürlendi – diýip, La Neýs Kollinz belledi. Mundan ozal Çiliniň lideri Gabriel Boriç Meksikanyň, Braziliýanyň we Çiliniň Baçaleti BMG-niň Baş sekretary wezipesine bilelikde hödürlejekdiklerini habar beripdi. Baçalet 2006-2010-njy we 2014-2018-nji ýyllar aralygynda iki möhlete Çiliniň Prezidenti boldy. Ol 2018-nji ýylyň sentýabryndan 2022nji ýylyň awgustyna çenli BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary wezipesini eýeledi. Baçalet BMG-niň Baş sekretary wezipesine Latyn Amerikasyndan dalaş edýän ýeke-täk dalaşgär däl. Geçen ýylyň noýabr aýynda Argentina Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) ýolbaşçysy Rafael Grossiniň dalaşgärligini hödürläpdi. BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyk möhleti 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar. Baş sekretar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan saýlanýar we Baş Assambleýa tarapyndan tassyklanýar. Onuň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl bolup, gaýtadan saýlanmaga hukugy bardyr. Möhletleriň sany boýunça çäklendirme ýok, emma şu wagta çenli hiç kim bu wezipäni 10 ýyldan artyk eýelemedi. Ýola goýlan tejribä görä, BMG-niň Baş sekretary Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň wekillerinden saýlanmaýar.
Keywords