
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplar topary Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kibergiňişlikde bäsdeşlik formatynda taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara bäsleşigiň finalynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň halkara üstünlikleriniň üstüni ýene bir gezek bildiler.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynda badalga alan bu abraýly bäsleşik üç ugur boýunça geçirilip, oňa GDA ýurtlaryndan 4278 gatnaşyjy goşuldy. Deslapky onlaýn tapgyrlaryň netijeleri boýunça 6 döwletiň — Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy 57 topary finala barýan ýolda bäsleşmäge hukuk gazandy.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümine 8 sany ýaş hünärmen — tälimçiler, guramaçylar, programmistler, inženerler we tehnikler girdi. Biziň talyplarymyz okuw we synag tapgyrlaryndan şowly geçip, simulýatorda kiberfiziki gurluşlary dolandyrmak we olary el bilen guraşdyrmak boýunça çylşyrymly tabşyryklary ýerdine ýetirdiler. Talyplar aýratyn-da, uçýan kiberfiziki enjamlaryň kömegi bilen «akro» rejiminde ýokary derejeli çylşyrymly akrobatik manywrlary ýerine ýetirmekde uly ussatlyk görkezdiler.
Bäsleşigiň «Zarnisa» diýlip atlandyrylýan çylşyrymly tapgyrlarynyň birinde ýerüsti we howa kiberfiziki gurluşlary 50–100 Mbit/sek tizlikdäki internet arkaly uzakdan dolandyryldy. Bu synagyň netijesinde Oguz han adyndaky uniwersitetiň topary 57 bäsdeşiň arasynda 4-nji orny eýeledi.
Mundan başga-da, «Sborçik.SIM» (şahsy hereket ediş serişdesini guraşdyrmak) atly goşmaça tapgyrda türkmen talyplary rekord netije görkezdiler. Olar 35 bölekden ybarat bolan uçýan kiberfiziki gurluşy bary-ýogy 10 minutda doly guraşdyryp, 97,3 ortaça baha bilen 1-nji orny eýelediler. Toparyň 4 sany talyby bolsa ýekeje-de ýalňyşlyk goýbermän, iň ýokary — 100 baly gazanmagy başardy we bu görkeziji toparyň umumy reýtingini has-da ýokary göterdi.
Finalyň öň ýanyndaky tapgyrda gatnaşyjylara Python programmalasdyrma dilinden peýdalanyp, 4 sany uçýan we 2 sany ýerüsti kiberfiziki gurluşy awtomatiki usulda dolandyrmak algoritmini işläp taýýarlamak tabşyryldy. 4 sagatlyk göni ýaýlymyň dowamynda türkmen topary kiberfiziki gurluşlar üçin ýörite programma üpjünçiligini döretdi we şol gurluşlar bellenen nokatlara 16 sany ýüki awtomatiki usulda üstünlikli ýetirdiler.
Gazanylan ajaýyp netijeleriň netijesinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary guraşdyryjylardan resmi çagyryş alyp, 11–16-njy maý aralygynda Moskwa şäherinde geçirilen bäsleşigiň final tapgyryna gatnaşdylar. GDA-nyň 6 ýurdundan gatnaşan 57 toparyň arasyndan diňe iň güýçli 8 topar finalda bäsleşmäge hukuk gazanypdy.
Finalyň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplary hem şahsy, hem-de toparlaýyn bäsleşiklerde tapwutlandylar. Simulýatordaky ýaryşda uniwersitetiň «Kiberfiziki ulgamlar» fakultetiniň III ýyl talyby, toparyň kapitany Kerim Nazarow 64 gatnaşyjynyň arasynda 58 sekuntlyk netije bilen 1-nji orny eýeledi.
Dört sany bäsleşigiň umumy toparlaýyn hasabynda bolsa türkmen uniwersitetiniň «Oguz Wings» topary 2-nji orna mynasyp boldy.
«Kiber-eltip bermek» (ýükleri bellenen aralyga gysga wagtyň içinde ýetirmek) we «BEK-leriň ýaryşy» (pilotsyz kiberfiziki gurluşlaryň bäsleşigi) tapgyrlarynda görkezen ýokary tizligi we manywrlary üçin biziň toparymyz «Multirotorly manywr» (köprotorly kiberfiziki gurluşlary iň takyk, çalt we çeýe dolandyran topar) kategoriýasynda ýörite kubok we hormat haty bilen sylaglandy.
Şeýle hem, inženerçilik taslamalarynyň tanyşdyrylyşynda türkmen talyplary suwda we gury ýerde hereket etmäge ukyply bolan pilotsyz kiberfiziki ulgamlary (BEK) şowly gurnadylar.
Türkmen toparynyň gazanan bu uly üstünlikleri ýurdumyzda sanly we kiberfiziki ulgamlar ugrunda berilýän bilimiň ýokary hiliniň, talyplaryň kämil hünär taýýarlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýaşlarymyzyň halkara derejesindäki bu ýeňşi olaryň ylmy we döredijilik ukybyny aýdyň görkezip, Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende göterdi.
Keywords