
Gülşat Ýazmuradowa, Çärjew etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy: Çärjew etrabyndaky orta mekdeplerde ýokary synp okuwçylaryny ýurdumyzyň giň gerimli intellektual bäsleşikleriniň biri bolan «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly bäsleşige taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň guramagynda geçiriljek IV utgaşykly bäsleşige 9 ― 12-nji synplaryň okuwçylary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Mekdeplerde zehinli ýaşlary saýlap-seçmek, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlyk sapaklary geçirilýär.
Bäsleşik matematika, fizika, himiýa, biologiýa hem-de logiki pikirlenmek boýunça ugurlary öz içine alýar. Oňa her mekdepden 20-den köp bolmadyk okuwçy gatnaşyp bilýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 25-nji fewrala çenli uniwersitetiň resmi saýty arkaly onlaýn bellige alynýarlar. Bäsleşik üç tapgyrda — etrap, welaýat hem-de döwlet derejesinde geçiriler. Şeýle hem onuň ähli tapgyrlarynyň türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylmagy ýaşlaryň halkara derejesinde taýýarlygyny ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.
Keywords