
Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň karary bilen, meşhur kosmonawt Oleg Kononenko Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine bellendi. Bu baradaky maglumaty «Roskosmosyň» ýolbaşçy düzümi tassyklady.
Täze wezipesinde Kononenko Halkara kosmos bekedine uçuşlary guramak we Russiýanyň geljekki orbital bekedi üçin hünärmenleri taýýarlamak işlerine gözegçilik eder. Şeýle hem edaranyň düzümini döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Oleg Kononenko älemde bolmagyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordynyň eýesidir (1110 günden gowrak). Ol bäş gezek kosmos uçuşyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ada eýe bolan Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doguldy.
Keywords