2026-njy ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky, şol bir wagtyň özünde Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Oman Soltanlygynda hasaba alnan «DUX Middle East (FZC) LLC» kompaniýasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Rasul Guliaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar kompaniýanyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar. Rasul Guliaýew ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň işi barada maglumat berip, Türkmenistanda öndürilýän nebit önümlerine, şol sanda Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümlere gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň mümkinçilikleri, ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek we olaryň eksport ugurlaryny giňeltmek bilen bagly meseleleriň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.
Ilçi Muhammetgeldi Aýazow öz gezeginde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler barada maglumat berip, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin döredilýän mümkinçiliklere ünsi çekdi.
Şeýle-de ol 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Ilçi omanly işewür Rasul Guliaýewi bu iri halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Öňümizdäki halkara forumyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerini daşary ýurtly işewürlere we kompaniýalara giňden tanyşdyrmak, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin möhüm meýdança bolmagyna garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.