
Mikel Artetanyň ýolbaşçylygyndaky Londonynyň "Arsenal" futbol kluby 2025/2026 möwsüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempionlygyny möhletinden öň resmi taýdan gazandy. Bu taryhy üstünlik 22 ýyllyk garaşyşa soň goýdy — "topçular" iň soňky gezek bu abraýly kubogy meşhur 2003/04 möwsüminde asmana göteripdiler. Çempionlyk çempionatyň öňýanyndaky tapgyrynda iň ýakyn bäsdeşi "Mançester Sitiniň" "Bornmut" bilen deňme-deň (1:1) oýnamagy netijesinde kesgitlendi. Jemleýji 38-nji tapgyryň öňünden "Arsenalyň" 82 utugy bar, Gwardiolanyň topary bolsa 78 utuk bilen ikinji ýerde barýar.
Bu çempionlyk "Arsenal" üçün taryhdaky 14-nji Angliýa çempionlygy boldy. Häzirki ýeňiş London klubynyň dünýä futbolynyň abraýly basgançagyna doly dolanandygyny subut edýär. Bu möwsüm klub üçin has-da taryhy bolup biler, sebäbi Artetanyň şägirtleri 2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasynyň finalyna çykdylar. Ýewropanyň iň esasy duşuşygy 30-njy maýda Budapeştdäki stadionda geçiriler we onda Londonlylar Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" toparyna garşy çykarlar.
Keywords