Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary tamamlandy. Dalaşgärleriň resminamalary 17-nji awgusta çenli kabul edilip, giriş synaglary 24-nji awgustda döwlet toparynyň we jemgyýetçilik gözegçiliginiň gatnaşmagynda geçirildi.

Şu ýyl orta hünär okuw mekdeplerine jemi 10 müň 879 dalaşgär talyp boldy. Olaryň 1550-si döwlet býujetiniň hasabyna, 9329-y bolsa tölegli esasda bilim alar.

Kabul edilýänleriň sanynyň artmagy ýaşlaryň hünär bilimini almak, öz saýlan ugurlarynda hünär başarnyklaryny ösdürmek we zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünärleri özleşdirmek mümkinçiliklerini giňeldýär.

Orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanýan ýaş hünärmenler geljekde ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşjak esasy hünärli işgärleriň hataryny emele getirer.