
Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Týamuýun suw howdanynyň göwrümini giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada upl.uz saýty habar berýär. Taslama «Özbegistan–2030» döwlet strategiýasynyň çäginde amala aşyrylar.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhedinde, Amyderýanyň ugrunda ýerleşýän Týamuýun gidrouzeli sebitdäki iri gidrotehniki desgalaryň biri hasaplanýar. Gidrouzel jemi 30 sany möhüm gidrotehniki desgadan ybarat bolup, özara kanallar we şlýuzlar ulgamy arkaly baglanyşýan dört sany suw howdanyny — Ruslowoýe, Soltansanjary, Gapara we Goşbulagy öz içine alýar.
Bu ulgam esasan gyş-ýaz aýlarynda suw ýygnap, toplanan suw serişdelerini ekin meýdanlaryny suwarmak möwsüminde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Berilýän maglumatlara görä, täze taslama bu strategik taýdan möhüm desganyň göwrümini goşmaça 1 milliard kub metr artdyrmagy göz öňünde tutýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi suw üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, suw serişdelerini has netijeli dolandyrmaga hem-de sebitde oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Keywords