Pakistan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde tiz zaýalanýan oba hojalyk we azyk önümlerini daşamak üçin çarter ýük howa gatnawlaryny guramagy teklip etdi.
Bu başlangyç Pakistanyň Söwda ministri Jam Kamal Han tarapyndan Yslamabatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Dörtguly Süleýmanow bilen geçirilen duşuşykda öňe sürüldi. Bu barada Pakistanyň Maglumat we teleradioýaýlymlar ministrligi (PID) habar berýär.
Jam Kamal Hanyň bellemegine görä, Yslamabat bilen Aşgabadyň geografiki taýdan ýakyn ýerleşmegi iki ýurduň arasynda tiz eltilmegi talap edýän harytlaryň eksportyny guramakda möhüm mümkinçilikleri döredýär.
Teklip edilýän çarter ýük howa gatnawlary, ilkinji nobatda, saklanyş möhleti gysga bolan oba hojalyk we azyk önümleriniň daşalmagyny ýeňilleşdirmäge, şeýle hem ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge gönükdirilendir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.