Pakistanyň Multan şäheriniň golaýynda «Rahman Baba Express» ýolagçy otlusy demir ýoldan agdy. Wakanyň netijesinde dört adam aradan çykdy, 30 adam bolsa şikes aldy. Bu barada «Dawn» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, ýolagçy otlusy ýurduň günortasyndaky Karaçi port şäherinden demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Peşawar şäherine tarap hereket edipdir. Hadysa bolan wagty otlynyň sagatda takmynan 100 kilometr tizlik bilen barandygy we onuň içinde 500-e golaý ýolagçynyň bolandygy habar berilýär. Betbagtçylykdan soň ejir çekenlere lukmançylyk kömegi berildi.