Ak eşik­ler ýuw­lan­da go­wy aga­rar ýa­ly kir ýu­wu­jy enja­ma eşik­ler bi­len bir­li­kde çaý so­da­sy­nyň 125 gra­my­ny (ýarym bulgur) gu­ýup ýuw­ma­ly. Ol hem eşik­le­ri hem-de kir ýu­wu­jy en­ja­my aras­sa­la­ma­ga ýar­dam eder.

Ze­nan­la­ryň öý iş­le­ri­niň ara­syn­da er­kek köý­nek­le­ri­ni ütük­le­mek işi bi­raz kyn düş­ýän bol­sa ge­rek. Er­kek köý­nek­le­rini ýy­gyrt­syz gu­rat­mak ýada go­wy ütük­le­mek üçin ola­ry ýuw­lan­dan soň­ra eşik as­gyç­lar­da ser­me­li. Şeý­le-de olar ça­la­ja öl wag­ty ütük­le­n­se go­wy bo­lar.

Mi­we­le­re gel­ýän ki­çi­jik mö­je­jik­lerden sap­lan­mak üçin sir­ke bi­len gap ýu­wu­jy se­riş­dä­ni bir gap­da ga­ryp, miwe­le­riň we gök önüm­le­riň sak­lan­ýan ota­gyn­da goý­ma­ly. Bu ga­ryn­dy mö­jejik­le­riň gel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Ham­mam­lar­da­ky ýa-da el ýu­war­lar­da­ky de­mir en­jam­la­ry dam­ja yz­la­ryn­dan aras­sa­la­mak­da hem bu ga­ryn­dy­ny ulan­mak bol­ýar.

Çaý so­da­sy­ny ha­ly­la­ryň üs­tü­ne se­pip bir gi­jegün­diz goý­sa­ňyz, olar­da­ky ýa­kym­syz ys­la­ryň, mikrob­la­ryň aý­ryl­ma­gy­na kö­mek ed­ýär. Soň­ra çaý so­dasy­ny to­zan so­ru­jy bi­len aras­sa­lap aýyr­ma­ly. Peýdaly maslahatlar

Bi­raz ýum­şap baş­lan kä­şi­ri öň­ki ter ha­ly­na getir­mek üçin olary bir suw­ly ga­ba sa­lyp, so­wa­dy­jy­da goý­ma­ly. Bir ýa-da iki gi­je-gün­diz sak­la­n­sa has hem tä­sir­li bo­lar. ♦

Ga­tan çö­rek­le­ri ýe­ne ýum­şak ha­ly­na ge­tir­mek isle­se­ňiz, on­da ony su­wa ba­ty­ryp, gy­zyp du­ran ho­wurpeç­de 5 — 10 mi­nut goý­ma­ly. Ol ýa­ňy­ja tam­dyr­dan çy­ka­ry­lan gyz­gyn çö­rek ýa­ly bo­lar