Rak keseline garşy işlenip düzülen şahsy mRNR peýwandynyň (waksina) ilkinji kliniki netijeleri yglan edildi. Deri ragy keseli sebäpli bu peýwandy alan ilkinji näsagyň özüni gowy duýýandygy hem-de organizmiň bejergä oňyn garşylyk görkezýändigi bellenildi. Laboratoriýa barlaglary immun ulgamynyň rak öýjüklerine garşy işjeň birleşmeleri bölüp çykarýandygyny tassyklaýar.
Näsaga umumy üç sany sanjym etmek meýilleşdirilýär. Bu derman her bir näsagyň çiş öýjükleriniň özboluşly genetik aýratynlyklaryna görä ýörite taýýarlanýar. Derman döwlet borçly lukmançylyk ätiýaçlandyryşy (OMŞ) ulgamyna girizilip, näsaglara mugt görnüşde hödürlenýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.