30-njy ýanwarda UEFA-nyň Nondaky (Şweýsariýa) ştab-kwartirasynda 2025/26-njy ýyllaryň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň bijeleriniň çekiliş dabarasy geçirildi.

Bijeleriň netijelerini size hödürleýäris:

«Benfika» (Portugaliýa) – «Real» (Ispaniýa)

«Monako» «PSŽ» (ikisi hem Fransiýa)

«Galatasaraý» (Türkiýe) – «Ýuwentus» (Italiýa)

«Borussiýa D» (Germaniýa) – «Atalanta» (Italiýa)

«Garabag» (Azerbaýjan) – «Nýukasl» (Angliýa)

«Brýugge» (Belgiýa) – «Atletiko» (Ispaniýa)

«Býode-Glimt» (Norwegiýa) – «Inter» (Italiýa)

«Olimpiakos» (Gresiýa) – «Baýer» (Germaniýa)

Ilkinji duşuşyklar 17-18-nji fewralda sanawda birinji görkezilen toparlaryň meýdançalarynda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa 24-25-nji fewralda bolar.

Iki oýnuň netijesi boýunça ýeňiş gazanan toparlar Kubok ugrundaky ýaryşy 1/8 finalda dowam ederler. Bu tapgyrda olar ozaldan garaşýan «Arsenal», «Bawariýa», «Liwerpul», «Tottenhem», «Barselona», «Çelsi», «Sporting» we «Mançester Siti» ýaly toparlaryň hataryna goşularlar.