
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip, bu mukaddes aýyň tarypyny ýetirýär. Remezan aýynyň ilki bellemeli artykmaçlygy onda musulmanlaryň mukaddes kitabynyň, ynsanlara ýolgörkeziji keramatly Gurhanyň aýatlarynyň inderilip başlanmagydyr. Bu aýyň ady halkyň aňynda oraza bilen hem berk baglanyşykly. «Oraza» sözi iki manyda ulanylýar. Birinjisi: agyz beklemek dessury. Yzyna «aý» sözi goşulanda bolsa, ol oraza parzynyň berjaý edilýän Remezan aýyny aňladýar. VII asyrdan bäri berjaý edilip gelinýän, bedeniň zekady hasaplanýan oraza Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýar. Ýaremezançy çagalar bolsa täze Aýyň dogandygyny adamlara buşlap, uly şatlyk bilen öýlere aýlanýarlar. Mukaddes Remezan aýynda musulmanlar agyz bekläp, tarawa namazlaryny okaýarlar. Bu aý agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylygyň, ata-enä we uly-kiçä bolan sarpanyň, şeýle-de ynsanperwerligiň dabaralanýan döwrüdir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Oraza aýy ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatyň, geçirimliligiň, birek-birege kömek etmegiň, adamkärçiligiň, agzybirligiň, sylag-hormatyň, ýaramaz häsiýetlerden uzaklaşyp, peýdaly endikleri gazanmagyň aýydyr» diýip, bu aýyň ähmiýetini diýseň jaýdar belleýär. Remezan aýynda agyz beklemek yslamyň esasy bäş parzynyň biridir. Oraza tutmak ynsany ybadata ugrukdyrýar, şepagatly bolmaga ündeýär hem-de nebsiňi jylawlamaga, ýaramaz endiklerden saklanmaga ýardam edýär. Bu mukaddes aýda sadaka, mal-mülküňden zekat bermegiň, belli bir sebäplere görä agyz bekläp bilmeseň-de, oraza tutýanlara agyz açdyrmagyň hem-de selälige turýanlara tagam taýýarlap bermegiň sogaby örän uludyr. Pygamberimiz hadyslarynyň birinde: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun!» diýip belleýär. Hakykatdan hem, oraza kalbyň, bedeniň we nebsiň tämizleýji tebibidir. Bu aýyň ýene bir aýratynlygy — mübärek Gadyr gijesiniň bellenilmegidir. Gadyr gijesi Remezan aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gijä gabat gelýär. Mukaddes Gurhanyň «Gadyr» süresiniň hem hut şu gijede inderilendigi nygtalýar. Müň aýdan haýyrly hasaplanýan, perişdeleriň ýere inýän, ýazyklaryň ötülip, günäleriň ýuwulýan bu gijeden ynsanlaryň umytlary uly. Adamlar birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligini we rysgal-döwletliligi dileýärler. Remezan aýy tamamlanandan soň, metjitlerde il-günümiz jem bolup, Baýram namazyny okaýarlar we birek-birege: «Orazaňyz, dogadilegleriňiz kabul bolsun! Geljekki ýyllara-da saglyk-amanlyk, agzybirlik bilen ýetirsin! Ýurdumyz parahat, asmanymyz arassa bolsun!» diýip, päk arzuwlaryny beýan edýärler. Munuň özi musulman ymmatynyň Allatagala ýakynlaşmak üçin edýän belent ybadatydyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda uly ruhubelentlik bilen garşylanýan mukaddes Remezan aýy her bir maşgala rysgal-döwlet, abadançylyk hem-de egsilmez bagt getirsin! Goý, haýyrsahawatyň we ynsanperwerligiň dabaralanýan bu aýynda halkymyzyň asudalygy, ata Watanymyzyň rowaçlygy üçin ediljek tagat-ybadatlar, doga-dilegler we beriljek sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Sahawatlylygyň we ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Keywords