Türkmen halky asyrla­ryň do­wa­myn­da umu­ma­dam­zat gymma­lyk­la­ry­na be­lent sar­pa go­ýup­dyr. Şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­ler ynsan­per­wer­li­gi, dostdo­gan­ly­gy ber­kid­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mu­kad­des Re­me­zan aýy­nyň baş­lan­ma­gy hem hal­ky­myz­da buýsanç dö­red­ýär. Çün­ki ynanç­la­ra gö­rä, bu aý­da adam­la­ryň ynsan­per­wer­li­gi, sa­byrly­ly­gy has­da art­ýar. Ýü­re­gi­mi­ze nur, sa­çagy­my­za be­re­ket eçil­ýän Re­me­zan aýy­ny so­gap­ly iş­le­re ba­gyş et­mek, el­bet­de, yn­san öm­rü­ne ma­ny ber­ýär. Ol ça­ga­la­ryň Ýa­re­me­zan aý­la­nyp, her öýe buş­la­ma­gy bi­len baş­lan­ýar. «Ýo­kar­da bir Aý bar...» di­ýen buş­luk söz­le­ri bi­len baş­lan­ýan sa­na­waç­lar, goş­gu­lar ça­ga­la ­ ryň joş­gun­ly aýt­ma­gyn­da has­da tä­sir­li bol­ýar. Şol pur­sat uly adam­la r ça­ga­la­ryň şat­ly­gy­na go­şul­ýar­lar, ola­ra taý­ýar­la­nyp goý­lan süý­jü­lik­le­ri gow­şur­ýarlar. Bu ýaş nes­liň şa­dy­ýan­ly­gy­ny has­da art­dyr­ýar. Ataba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler ynsan­per­wer­li­giň, ula­ki­çä hor­mat bi­len ga­ra­ma­gyň nus­ga­sy­ny be­ýan ed­ýär. Ha­wa, bu aý­da her bir mu­sul­ma­nyň agyz bek­läp, ora­za tut­ma­gy, sa­da­ka ber­me­gi adat­da­ky günler­den has ha­ýyr­ly we so­gap­ly­dyr. Bi­rek­bi­rege duz da­dyr­mak, agyz açy­lan­da, bir sa­ça­gyň ba­şy­na jem­len­mek bol­sa, yn­san­laryň gö­wün­le­ri­ne ra­hat­lyk ber­ýär. Köňülleri ruhlandyrýan, so­gapla­ryň art­ýan bu mu­kad­des aýyn­da her bir pur­sat­la­ry­my­zy ha­ýyr­ly iş­le­re ba­gyş et­mek, ýag­şy yba­datlar bi­len ge­çir­mek her bi­ri­miz üçin mö­hüm­dir. Şeý­le so­gap­ly aý­da her bir yn­sa­nyň ed­ýän ýag­şy di­leg­le­ri, ora­za­la­ry ka­bul bol­sun!