Russiýa Federasiýasy Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamakda goldaw bermäge we döwrebap lukmançylyk tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmaga taýýardyr. Bu barada Russiýanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ýewgeniýa Kotowa Türkmenistana iş saparynyň dowamynda žurnalistlere beren interwýusynda mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, rus tarapy türkmen kärdeşlerine hünärmenleri taýýarlamakda ýardam bermäge, şeýle hem derman serişdelerini, sanjymlary we häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny hödürlemäge gyzyklanma bildirýär.

«Bizde kärdeşlerimiz bilen paýlaşmaga mynasyp tejribe bar. Hünärmenleri taýýarlamakda kömek bermäge we döwrebap lukmançylyk önümlerini, şol sanda derman serişdelerini, sanjymlary hem-de häzirki zaman enjamlaryny hödürlemäge taýýardyrys. Bu ugurda tejribe alyşmagy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýäris» diýip, Ýewgeniýa Kotowa belledi.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga berlen birnäçe lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Ol bu desgalaryň döwrebap binagärlik çözgütleri, häzirki zaman enjamlary we lukmançylyk hyzmatlaryny guramakdaky çemeleşmeleri bilen tapawutlanýandygyny aýtdy.

Kotowanyň pikiriçe, täze merkezlerde diňe bir lukmançylyk tehnologiýalaryna däl, eýsem, näsaglaryň rahatlygyna, saglygy goraýyş işgärleriniň iş şertlerine we logistika meselelerine hem aýratyn ähmiýet berlipdir. Şeýle desgalaryň gurluşygy we işiniň guralyşy bilen tanyşmak rus hünärmenleri üçin hem tejribe alyşmak babatda gyzykly boldy.

Russiýanyň wekiliýeti Türkmenistanda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergä we ylmy maslahata hem gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde Rus öýüniň diwarlygynda Russiýanyň 13 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi, şol sanda lukmançylyk ugurly uniwersitetler öz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa halkara serginiň dürli ýurtlardan gelen hünärmenleriň, alymlaryň we bilim ulgamynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen birlikde lukmanlar we lukmançylyk ylmy bilen meşgullanýan hünärmenler hem bar.

Sergä gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Tümen döwlet uniwersiteti hem boldy. Okuw mekdebiniň prorektory Andreý Tolstikowyň bellemegine görä, uniwersitet Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, işgärleri taýýarlamagy, talyplaryň alyş-çalşygyny, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegi, şeýle hem ylmy maslahatlary we forumlary guramagy öz içine alýar.

Türkmenistan bilen Russiýanyň saglygy goraýyş, lukmançylyk bilimi we ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hünärmenleriň tejribesini baýlaşdyrmaga, döwrebap lukmançylyk çözgütlerini ornaşdyrmaga we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik döredýär.