Russiýanyň Aziýa böleginde we Ural sebitinde gar ýagyp başlady. Bu barada Russiýanyň Howa maglumaty gullugynyň uly ylmy işgäri Marina Makarowa salgylanyp, TASS habar berdi.
Hünärmeniň maglumatlaryna görä, ýurduň köp etraplarynda gar örtüginiň galyňlygy 1–5 santimetre ýetmegine garaşylýar.
Marina Makarowa Russiýanyň köp böleginde häzirlikçe güýz paslyna mahsus geçiş döwrüniň dowam edýändigini hem belledi. Şonuň üçin käbir sebitlerde gar ýagandygyna garamazdan, ýurduň çäginde gyşyň doly başlanandygy barada netije çykarmak entek ir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.