Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde patent esasynda işleýän daşary ýurt raýatlaryny işe çekmek gadagan edilen iş ugurlarynyň sanawy giňeldildi. Täze çäklendirmeler azyk önümleriniň söwdasyna, dellekhana we gözellik salonlaryna, fitnes merkezlerine hem-de käbir beýleki hyzmatlara degişli bolar. Bu barada degişli resminama salgylanyp, «Delowoý Peterburg» neşiri habar berýär.

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow tarapyndan giňeldilen sanawa ýöriteleşdirilmedik dükanlarda azyk önümleriniň bölek satuwy, şeýle hem miwe-gök önümleriň, et önümleriniň, çöregiň we süýjülikleriň ýöriteleşdirilen söwdasy girýär.

Çäklendirmeler sport we dynç alyş ulgamyndaky bilim hyzmatlaryna, lukmançylyk pudagynyň käbir iş görnüşlerine, fitnes merkezlerine, dellekhana we gözellik salonlaryna, şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş işlerine-de degişli bolar.

Resminamanyň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin degişli ugurlarda işleýän kärhanalara 2026-njy ýylyň 15-nji dekabryna çenli daşary ýurtly işgärleriniň sanyny täze düzgünlere laýyk getirmek üçin möhlet berildi.

«Fontanka» neşiriniň habar bermegine görä, bu çäklendirmeler Ýewraziýa ykdysady birleşigine agza Belarusyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň raýatlaryna degişli däldir. Bu ýurtlaryň raýatlary degişli şertlerde patent almazdan işläp bilýärler. Şeýle hem işlemek üçin rugsady bolan daşary ýurt raýatlary, şol sanda ýokary hünärli hünärmenler çäklendirmeleriň täsirine düşmeýär.

Täze gadaganlyklar 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket eder.

Mundan öň Sankt-Peterburgda patent bilen işleýän daşary ýurt raýatlaryny taksi we kurýer hyzmatlary ulgamynda işe çekmek boýunça hem çäklendirmeler girizilipdi. Olar 2025-nji ýylda güýje girip, 2026-njy ýyl üçin uzaldylypdy. Bu çäklendirmeleriň 2027-nji ýylda hem dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.