
Russiýanyň Saratow oblastynyň «Hwalynskiý» dag-lyža kurortynyň binýadynda XIII halkara sport-syýahatçylyk lageriniň dabaraly açylyşy boldy. 19-njy maýda badalga alan «Turiada-2026» atly bu giň gerimli çäre Wolganyň boýyndaky federal okrugynyň sebitlerinden we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlardan gelen 700-den gowrak ýaşlary hem-de pudaklaýyn bilermenleri bir ýere jemledi. Halkara wekilýetleriň hatarynda sport syýahatçylygy ugrunda bilim alýan talyplardan we işjeň ýaşlardan ybarat bolan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy hem ýurdumyza wekilçilik edýär.
Halkara lageriň meýdançasynda ýaşlar üçin sportuň pyýada, suw we welosipedli görnüşleri boýunça çekeleşikli bäsleşikler guralýar. Şeýle hem çäräniň maksatnamasy medeni-aň-bilim ugurlaryny öz içine alyp, gatnaşyjylara özara tejribe alyşmaga hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Türkmenistanyň wekilleri bu forumyň çäklerinde iň gowy syýahatçylyk ugruny kesgitlemek boýunça geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, talyplarymyz eziz Diýarymyzyň baý milli medeni däp-dessurlaryny dabaraly ýagdaýda tanyşdyrmagy, şeýle hem serhetüsti myhmanperwerlik ulgamyny ösdürmäge bagyşlanan bilermenler maslahatynda çykyş etmegi meýilleşdirýärler.
Guramaçylaryň bellemegine görä, daşary ýurtly wekilleriň, aýratyn-da türkmen ýaşlarynyň «Turiada» taslamasyna çekilmegi geljekde syýahatçylyk pudagynda zähmet çekjek ýaş hünärmenleriň arasynda berk diplomatik we hünär gatnaşyklarynyň kemala gelmegine şert döredýär. Şeýle hem bu çäre GDA giňişliginde ynsanperwer ugurly täze bilelikdäki ýaşlar taslamalaryny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin netijeli halkara meýdança bolup hyzmat edýär.
Keywords