2026-njy ýylyň 18–22-nji noýabry aralygynda Singapur Respublikasynyň Singapur Menejment institutynda (Singapore Institute of Management) «StemCo Global Final (English) 2026» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan saýlama tapgyrlarda üstünlik gazanan zehinli mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistan, Wýetnam, Indoneziýa, Täjigistan, Gazagystan, Özbegistan, Filippinler we Mongoliýa ýaly ýurtlaryň wekilleri özara bäsleşdiler.

Türkmenistanyň adyndan bu bäsleşige mekdep okuwçylaryndan we mugallymlaryndan düzülen 12 adamlyk wekiliýet gatnaşdy. Topara Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň daşary ýurt dilleri boýunça orunbasary Öwezmyrat Toraýew we şol mekdebiň iňlis dili mugallymy Güljahan Öwezgylyjowa ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Aşgabat şäheriniň 49-njy, 135-nji, 97-nji we 7-nji orta mekdepleriniň, şeýle hem Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň we 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylary çykyş etdiler.

Bäsleşigiň iňlis dili boýunça geçirilen tapgyrynda türkmen okuwçylary birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hususan-da, Medine Allaberenowa altyn, Ylham Öwezow we Selbi Begmyradowa kümüş, Şasoltan Şalyýewa hem-de Suhanmyrat Gurbanmyradow bürünç medallary gazandylar.

Şeýle-de gatnaşyjylaryň aýratyn ukyp-başarnyklary boýunça geçirilen bäsleşikde Medine Allaberenowa saz gurallarynda ýerine ýetiriş ussatlygy üçin, Şasoltan Şalyýewa bolsa iňlis dilinde köpçüligiň öňünde çykyş etmek boýunça görkezen başarjaňlygy üçin altyn medala eýe boldular.

Şeýlelikde, türkmen okuwçylary «StemCo Global Final (English) 2026» halkara bäsleşiginde jemi 7 medal — 3 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazanyp, üstünlikli çykyş etdiler.