Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyna baryp, kärhananyň önümçilik we hojalyk işleri bilen tanyşdy.

«Sinopec Petroleum Technology Corporation» Hytaýyň iri nebitgaz we nebithimiýa kompaniýalarynyň biri bolan «Sinopec Group»-yň ýöriteleşdirilen golçur gurluşlarynyň hataryna girýär. Kompaniýa nebitgaz taslamalarynda guýulary burawlamak, tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we inženerçilik taýdan goldaw bermek ýaly ugurlarda iş alyp barýar.

Saparyň dowamynda diplomat kompaniýanyň Türkmenistanda energetika ulgamynda alyp barýan işlerine baha berip, onuň türkmen-hytaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyny belledi.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynyň özara utgaşdyrylmagynyň täze mümkinçilikleri döredip biljekdigi bellenildi.

Szi Şumin kompaniýanyň işiniň alnyp barylýan döwründe degişli kadalaryň we talaplaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de ol durmuşa geçirilýän taslamalaryň hiline gözegçiligi güýçlendirmek we önümçilik işleriniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek boýunça degişli çemeleşmeleriň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanda «Sinopec» ýaly iri halkara kompaniýalaryň iş alyp barmagy iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň amaly häsiýete eýedigini görkezýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi nebitgaz pudagynda döwrebap tehnologiýalaryň we inženerçilik çözgütleriniň ulanylmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň energetika mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagyna ýardam berip biler.