«Volkswagen» kompaniýasy Günorta Amerika bazary üçin taýýarlanylýan täze «Amarok» pikabynyň ilkinji suratlaryny köpçülige hödürledi. Täze modeliň önümçiligini 2027-nji ýylda Argentinadaky «Volkswagen General Pacheco» kärhanasynda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Täze «Amarok» häzirki wagtda «Ford Ranger» platformasynda öndürilýän ählumumy görnüşden düýpli tapawutlanar. Şeýlelikde, 2027-nji ýyldan başlap «Volkswagen» dürli bazarlar üçin «Amarok» ady bilen iki sany aýratyn model hödürläp biler.

Deslapky maglumatlara görä, Günorta Amerika üçin niýetlenen täze pikabyň arhitekturasy «SAIC» konserni bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde döredilen modeller bilen bagly bolup biler. Hususan-da, onuň Hytaýda «Maxus Interstellar X» ady bilen tanalýan pikabyň tehniki binýadyny ulanmagy mümkin.

Kompaniýanyň ýaýradan tizer suratlary täze «Amarogyň» daşky görnüşiniň hem düýpli täzelenjekdigini görkezýär. Awtoulagyň öň böleginde kuzowyň giňligi boýunça uzalýan LED yşyk zolagy, goşmaça gündizki çyralar we kese çyzykly radiator gözenegi ýerleşdiriler.

Täze modeliň esasy aýratynlyklarynyň biri elektrikleşdirilen güýç gurluşy bolar. «Volkswagen» geljekki «Amarogyň» modeliň taryhyndaky iň kuwwatly görnüşe eýe boljakdygyny eýýäm mälim etdi.

Deslapky maglumatlara görä, iň ýokary derejeli 800 TSI diýlip atlandyrylmagyna garaşylýan PHEV görnüşi 470 at güýjünden ýokary kuwwaty we takmynan 800 Nm aýlaw pursadyny üpjün edip biler. Şeýle ulagyň sagatda 100 kilometre duran ýerinden bäş sekuntdan hem az wagtda ýetmegine garaşylýar.

Täze pikabyň iň kuwwatly görnüşinde doly çekiji ulgamyň ulanylmagy mümkin. Şol bir wagtyň özünde dizel hereketlendirijili görnüşleriň hem önümçilikde saklanmagy ähtimal.

Täze «Amarok» Günorta Amerika bazarynda «Toyota Hilux», «Ford Ranger» we «Mitsubishi Triton» ýaly meşhur pikap modelleri bilen bäsleşer.

«Volkswagen» täze modeli bilen Günorta Amerika bazaryndaky ornuny has-da berkitmegi we häzirki zaman, kuwwatly hem-de elektrikleşdirilen pikaplara bolan islegi kanagatlandyrmagy maksat edinýär.