Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň integrasiýasy» hem-de «Emeli aňy tejribede ulanmak» atly okuw çärelerine Germaniýanyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri we professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Okuw maslahatlary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Olary geçirmeklige Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasy ýardam berdi.

Çäreleriň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini energetika ulgamlaryna birleşdirmek, geotermal energiýany, biomassany we wodorod tehnologiýalaryny ulanmak, şeýle hem emeli aňyň amaly mümkinçilikleri boýunça hünärmenleriň we talyplaryň bilimlerini hem-de başarnyklaryny ösdürmekden ybarat boldy.

Okuw maslahatlarynyň dowamynda Germaniýaly hünärmenler institutyň mugallymlary, ýaş hünärmenleri we talyplary bilen tejribe alyşdylar. Iki gün dowam eden okuw sapaklarynda energetika ulgamlaryny modelirlemek, elektrik energiýasynyň bahalandyrylyşy we konwertor tehnologiýalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylara degişli ugurlar boýunça giňişleýin düşündirişler berildi.

Bu okuw maslahatlary ýaşyl energetika we emeli aň ýaly häzirki zaman tehnologiýalary boýunça bilimleri çuňlaşdyrmaga, halkara tejribesini öwrenmäge hem-de Türkmenistanyň we Germaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.