
Türkmenistanda dünýä meýillerine laýyklykda aragatnaşyk hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda TM CELL milli ykjam operatory we Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasy hünärmenlere hem-de adaty ulanyjylara hemişe onlaýn bolmaga mümkinçilik berýän döwrebap çözgütleri işjeň ornaşdyrýar.
Ykjamlygy ileri tutýan ulanyjylar üçin «TM CELL» («Altyn Asyr» ÝGPJ) internet-bukjalarynyň giň toplumyny hödürleýär. Häzirki wagtda işjeň ulanyjylar üçin iň amatly teklipleriň biri 20 GB möçberindäki internet-bukjadyr. Bu bukja uly möçberli wideo materiallar, grafiki maketler bilen işlemäge, wideo-maslahatlara gatnaşmaga hem-de ýurdumyzyň islendik künjeginde taslamalary dolandyrmaga doly mümkinçilik berýär.
Internet-bukjasyny 0850200# USSD-buýrugy arkaly birnäçe sekundyň dowamynda smartfondan birikdirip bolýar. Beýleki nyrhnamalar barada giňişleýin maglumatlary TM CELL operatorynyň resmi saýtyndan tapmak mümkündür.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmentelekom kompaniýasy öýüňden ýa-da edara-kärhananyň daşynda durnukly we çäksiz internete mätäç bolanlar üçin «TELECOMWIFI» simsiz ulgamyny ösdürýär. Bu hyzmat şäheriň gelşikli ýerlerinde, söwda merkezlerinde ýa-da dynç alyş pursatlarynda işlemegi makul bilýän hünärmenler we döredijilik işgärleri üçin örän amatlydyr.
Häzirki wagtda ýokary tizlikli Wi-Fi hyzmaty Aşgabadyň «Berkarar», «Arkaç» we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezlerinde, şäher bazarlarynda, «Altyn asyr» Gündogar bazarynda, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde, şeýle hem «Arçman», «Baýramaly», «Mollagara», «Farap», «Daşoguz» we «Bagabat» şypahanalarynda elýeterlidir.
Internet hyzmaty bir sagatlyk, bir gije-gündizlik ýa-da bir aýlyk möhlet bilen çäksiz görnüşde hödürlenýär. Şypahanalar üçin bolsa 10 günlük ýörite amatly nyrhnamalar göz öňünde tutulandyr. Nyrhlar we ähli nokatlaryň ýerleşýän ýerleri barada jikme-jik maglumatlary kompaniýanyň resmi saýtyndan almak bolýar. Goşmaça soraglar boýunça 071 belgili goldaw gullugy hyzmat edýär.
Keywords