«Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan başlap Stambul — Minsk — Stambul ugry boýunça howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Täze tertibe laýyklykda, iki şäheriň arasynda hepdede ýedi gezek uçuş amala aşyrylar. Gatnawlar Stambulyň halkara howa menzilini (IST) Minskdäki Milli howa menzili (MSQ) bilen birleşdirer.

Maglumatlara görä, TK283 belgili uçar Stambuldan ýerli wagt bilen 06:45-de ugraýar we 10:20-de Minska gelýär. Ters ugurdaky TK284 belgili gatnaw bolsa Minskdäki howa menzilinden 11:15-de uçup, 14:50-de Stambula gonýar.

Şeýle hem agşamky gatnawlar göz öňünde tutulýar. TK285 belgili uçar Stambuldan 21:05-de uçup, Minsk şäherine ertesi gün 00:45-de barar. TK286 belgili ters gatnaw bolsa Minskdäki howa menzilinden 01:40-da ugrap, Stambula 05:20-de gelip ýeter.

Görkezilen ähli uçuş wagtlary degişli şäherleriň ýerli wagty boýunça berilýär.

Howa gatnawlarynyň täzeden dikeldilmegi Stambul bilen Minskiň arasynda syýahatçylyk, işewürlik we beýleki maksatlar bilen amala aşyrylýan gatnawlar üçin goşmaça mümkinçilikleriň döremegine şert döreder.