Türkiýäniň Tokat welaýatynda bäş müňe golaý ýaşaýjy birmeňzeş näsazlyklar sebäpli lukmançylyk kömegine ýüz tutdy. Bu barada welaýatyň gubernatorynyň maglumatlaryna salgylanýan «rg.ru» habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, 9-njy oktýabrdan başlap, ýaşaýjylar ýürek bulanma, gusma, garyn agyrylary we içgeçme ýaly alamatlar bilen lukmançylyk merkezlerine köpçülikleýin ýüz tutup başlapdyrlar.
Şu wagta çenli takmynan 70 adam hassahana ýerleşdirilipdir. Olaryň 40-sy zerur lukmançylyk kömegini alandan soň öýlerine goýberilipdir, galan 30 adamyň bolsa bejergisi dowam edýär. Welaýatyň gubernatorynyň aýtmagyna görä, hassahana ýerleşdirilen adamlaryň janyna howp abanmaýar.
Ýerli häkimiýetler ýüze çykan ýagdaýyň sebäbini anyklamak üçin içimlik suwuň nusgalaryny Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligine, Ankarada geçiriljek barlaglara iberdiler. Häzirki wagtda barlaglaryň netijelerine garaşylýar.
Şeýle hem sebitde, şol sanda mekdeplerde arassaçylyk çäreleri geçirilýär. Welaýatyň ýolbaşçysy häzirki wagtda ilatyň howsala düşmegine esas ýokdugyny belledi.
Ýokanjyň anyk sebäbi we onuň ýaýramagynyň çeşmesi barada resmi barlaglaryň netijeleri yglan edilenden soň goşmaça maglumatlaryň berilmegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.