Türkiýede çaý önümçiliginden galýan galyndylary kömür, mör-möjeklere garşy serişdeleri we organiki dökünleri öndürmek üçin gaýtadan işlemek ýola goýuldy. Bu işlerde kislorodsyz şertlerde ýokary temperaturanyň täsiri arkaly organiki maddalary dargatmaga esaslanýan piroliz usuly ulanylýar.

«Westi Kawkaza» neşiriniň 2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda çap eden habaryna görä, bu barada Türkiýäniň Rize welaýatynyň häkimliginiň orunbasary Abdülkadir Öksüz mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Çaydalı haryt nyşany bilen üç görnüşli sertifikatlaşdyrylan önüm öndürilýär. Geljekde kärhanalarda aýda 500–550 tonna kömür öndürmek meýilleşdirilýär. Organiki dökünleriň we zyýankeş mör-möjeklere garşy ulanylýan serişdeleriň önümçiligi hem giňeldilýär.

Türkiýede öndürilýän önümlere daşary ýurtlarda hem gyzyklanma bildirilýär. Germaniýa bu önümleri öwrenmäge gyzyklanma bildiripdir, Beýik Britaniýa we Rumyniýa bolsa olaryň synag tapgyrlaryny satyn alypdyr. Abdülkadir Öksüziň bellemegine görä, organiki dökünleriň içerki önümçiligini ösdürmek ýurduň degişli önümleriň importyna garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berer.

Taslamanyň ýene bir möhüm tarapy — çaý önümçiliginde emele gelýän biologik galyndylary peýdaly önümlere öwürmekdir. Türkiýede ýylda takmynan 1,2 million tonna çaý öndürilýär. Şol möçberiň 70–100 müň tonnasyny önümçilik galyndylary düzýär.

Türkiýe bu ugurda toplanan tejribäni Azerbaýjanyň çaý öndürijileri bilen paýlaşmaga hem taýýardygyny mälim etdi. Şeýle-de iki ýurduň arasynda bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Çaý önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemek tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmaga, galyndylaryň möçberini azaltmaga we oba hojalygy üçin zerur önümleri öndürmegiň goşmaça çeşmelerini döretmäge ýardam berip biler.