
Tämizligiň, kämilligiň keşbine girip, ýürekleriň ýaşaýşa bolan yşkyny dörüp gelýän ýyllar şirmaýy darak deýin günler bilen ykballary darap, ömürlere zynat berýär. Aslynda, görkana Zemin görküni Göge güjeňläp, sermestlikden ýaňa pyrlanyp, älem giňişligini gulaçlap, Kuýaşyň daşynda perwana deý aýlanýar. Äpet älem gämisine çalymdaş Ýer togalagynyň goýnunda goş ýazdyran adamzat wagt diýilýän hökmürowana atlanyp, ahwalyny arkasyna alyp, menzil kesýär.
Ýogsa-da adamzadyň atlanan wagt atynyň toýnaklarynyň sesi Gögüň gümmürdisini, tizligi ýyldyrymy, röwşi älemgoşary emele getiren bolsa, onda olar takwa taryhçylaryň at berşi ýaly, sähraýy türkmeniň «asman atlary» bolaýmasyn?! Onda taryhçylar türkmeniň ahalteke atlaryna «behişti bedewlerem» diýipdirler-ä?!
Aslynda, adamzat tizligiň, gözelligiň, mähriň, merdi-merdanalygyň, wepadarlygyň yşkynda. Eýsem, sakasyny sanýetmez ýyllaryň aňyrsyndan alyp gaýdýan tebigatyň ynsanyýete ylahy peşgeşi nämeler?! Biz oňa: «Daglar, düzler, derýalar, deňizler, tokaýlar, baglar» diýip, bada-bat jogap berip bileris. Emma bu bary däl ahyry?! Ýyllaryň, asyrlaryň, heňňamlaryň üstünden böküp geçen türkmen bedewiniň synasyna ser salyň! Ine, gözellik! Görüp-duýup bilseň, türkmen bedewiniň synasynda daglar ýaly merdemlik, baglar ýaly syrdamlyk, sähra ýaly sahawat, derýa ýaly möwç bar-a! Ýeri, paýhasyna, eýesine sarpasyna, wepasyna näme diýersiň?! Ine, indi hikmetimiz heňe geliberdi öýdýän. Aslynda, türkmen bedewleri türkmen sährasynda düşlän «asman atlary» — arşy bedewler bolmaly. Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny, bedew ýyly bolan 2026-njy ýyl bolsa, halkymyz üçin keremli ýyllaryň biri bolmaly. «At — myrat» diýipdirler-ä, parasatly pederlerimiz. Diýmek, täze ýylymyz maksatlaryň hasyl, ýagşy niýetleriň kabul bolýan ýyly bolar.
Täze ýylyň çuň mazmunly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary başymyzyň täji — ata Watanymyzyň baky berkararlygynyň binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzy, parahatçylygyň, jebisligiň, agzybirligiň, dost-doganlygyň dogaýy dünýäsini özünde jemleýär. Biz muny üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň dürli künjeginde, şol sanda welaýatymyzda amal edilmeli maksatnamalarda hem görýäris. Täze ýylda Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan mineral dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdiriler. Döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli amatlylyklardan netijeli peýdalanyp, tamamlanan ýylda guşgursak bugdaýyň, «ak altynyň», şalynyň, ýeralmanyň, miwäniň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny alan zähmetsöýer daýhanlarymyz täze ýyly zähmet üstünlikleri bilen has-da şöhratlandyrmagy maksat edinýärler. Täze ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi ulanylmaga berler. Munuň özi diňe bir biziň ýurdumyz däl, eýsem, tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamy üçin hem uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bedew ýylynyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüler. Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda baş baýramymyz — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýy ýokary derejede belleniler. Täze ýylda berkarar Diýarymyzyň ykdysady hem-de medeni-durmuş ulgamlarynda ýetiljek belent sepgitler, bedew batly okgunly ösüşler şanly ýyla bagtyýar halkymyzyň, şol sanda welaýatymyzyň zähmetsöýer ilatynyň mynasyp toý sowgady bolar.
Keywords