Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 25-nji noýabrda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi geçiriler. Bäsleşigiň çäklerinde häzirki zaman bilim tehnologiýalaryna we innowasion işläp taýýarlamalara bagyşlanan tematiki sergini hem guramak meýilleşdirilýär.
Bu bilim bäsleşigine Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler. Her bir okuw mekdebine bäş talypdan köp bolmadyk bir topary hödürlemäge mümkinçilik berilýär. Gatnaşyjy toparlar bäsleşigiň «STEM», «STEAM» ýa-da «STREAM» ugurlarynyň biri boýunça öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezerler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuw mekdepleri üçin hasaba alyş işi 15-nji noýabra çenli dowam eder. Gatnaşyjylaryň maglumatlary bellenen nusga laýyklykda taýýarlanyp, guramaçylyk toparynyň tdbgistem2026@gmail.com elektron poçta salgysyna iberilmelidir.
Hasaba alyş anketasynyň nusgasy we bäsleşigiň şertleri baradaky goşmaça maglumatlar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi: https://tdbgi.edu.tm/ru/news/810?source=local
Bäsleşigiň esasy maksady bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan, «STEM», «STEAM» we «STREAM» usulyýetlerini okuw işine giňden ornaşdyrmakdan hem-de bu ugurda bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Şeýle hem bu başlangyç zehinli talyplary ýüze çykarmaga, ýaşlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, tankydy pikirlenmek we häzirki zaman tehnologiýalary bilen işlemek başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
«STEM olimpiada» bäsleşigi talyplaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmagyna, innowasion pikirlerini görkezmegine we häzirki zaman bilim ugurlary boýunça tejribe alyşmagyna mümkinçilik döreder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.