Türkmen hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde Garagum çölüniň çägesinden kremniý almagyň täze tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüminiň müdiri Batyr Berdyýew «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen maglumatda habar berdi.
Batyr Berdyýewiň bellemegine görä, işlenip taýýarlanan tehnologiýa dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Onuň esasy artykmaçlyklary kremniýniň ýokary çykymyny üpjün etmegi, energiýa çykdajylarynyň tygşytlylygy hem-de ýurtda bu önümçiligi ýola goýmak üçin ýeterlik çig mal binýadynyň bolmagydyr.
Ministrligiň wekiliniň aýtmagyna görä, Türkmenistan himiýa senagaty üçin zerur mineral çig mallaryň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda kükürt, fosforitler, daş duzy, kaliý, gips, stronsiý çig maly bolan selestin, polimetallar, hek daşy we natriý sulfaty ýaly tebigy baýlyklar bar.
Bu mineral serişdeler diňe bir himiýa senagatynda däl, eýsem gurluşyk materiallaryny öndürmekde hem giňden peýdalanylýar. Ýurtda bar bolan çig mal mümkinçilikleriniň esasynda gurluşyk senagatynyň önümçilik ugurlary hem yzygiderli ösdürilýär.
Garagum çölüniň çägesinden kremniý almak boýunça işlenip taýýarlanan tehnologiýa bolsa Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny has netijeli peýdalanmak we senagat önümçiliginde täze mümkinçilikleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.