
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 26–30-njy ýanwar aralygynda geçiriljek “Gulfood 2026” halkara sergisine “Asly Natural”, “Erem”, “Miwe” we “Tudana” ýaly türkmen kompaniýalary gatnaşarlar. Bu barada serginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Halkara sergide azyk senagaty pudagyndaky innowasiýalar, ekologik taýdan durnukly önümçiligi hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny hödürlemek maksady bilen öňdebaryjy öndürijileri we täze brendleri bir ýere jemleýär.
Serginiň tematik pawilýonlary alkagolsyz içgileri, süýt we et önümlerini, däneli we kösükli ekinleri, ýag önümlerini, dürli ýurtlaryň milli aşhanalaryny, şeýle hem sagdyn we berhiz iýmitleri öz içine alýar.
Şu ýyl sergä 130 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar, oňa gatnaşýan kompaniýalaryň sany bolsa 130-dan gowrak ýurtdan 6 müň 500-den geçer.
“Gulfood” — azyk önümlerniň, içgileriň, myhmanhana-restoran pudagynyň we aşhana enjamlarynyň gazananlaryny görkezýän iri sebit platformasy bolup, her ýyl dünýäniň ähli künjeginden bu ugurda işleýän hünärmenleri we myhmanlary jemleýär.
Keywords