Yssyk-kölüň kenarynda Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň ýetginjekler arasyndaky küşt çempionaty dowam edýär. Ýaryşyň ilkinji tapgyry bolan rapid boýunça bäsleşikde türkmen küştçüleri uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň maglumatyna görä, 19 türgen bilen gatnaşan ýygyndymyzyň düzüminden Merýem Rustemowa we Bägül Jumaýewa altyn, Annamuhammet Hommadow we Läle Şöhradowa kümüş, Aýa Baýramowa bolsa bürünç medal gazandy. Şweýsar ulgamy boýunça geçirilen ýaryşda küştçülerimiz özleriniň ýokary ussatlygyny görkezdiler.
Türkmen küştçüleri Gyrgyzystanda geçirilen ýaryşda bäş medal gazandylar
1 min okamak847

Yssyk-kölde geçýän Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň çempionatynda türkmen ýaş küştçüleri 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medalyň eýesi boldular.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.