Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni Alparslan Begejow Slowakiýanyň paýtagty Bratislawada geçirilýän 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmen pälwany 86 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Türkiýäniň wekili Sefa Jesur bilen güýç synanyşdy. Alparslan Begejow garşydaşyndan 9:2 hasabynda üstün çykyp, dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy.
Ýaryşyň öňki tapgyrlarynda hem üstünlikli çykyş eden türkmen türgeni ýarym finalda Russiýanyň wekili Ahmad Mukutowa garşy göreşdi. Dartgynly geçen duşuşykda Alparslan Begejow 4:8 hasabynda ýeňlip, altyn medal ugrundaky göreşini dowam etdirip bilmedi.
Muňa garamazdan, üçünji orun ugrundaky aýgytlaýjy göreşde ynamly çykyş edip, baýrakly orna eýe bolmagy başardy.
Alparslan Begejowyň dünýä birinjiliginde gazanan bürünç medaly Türkmenistanyň erkin göreş mekdebiniň halkara ýaryşlaryndaky nobatdaky möhüm üstünligi boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.