
Şu ýylyň 23-nji maýynda Birleşen Arap Emirlikleriň Dubaý şäherinde söweş sungatynyň muşdaklarynyň ünsüni çekjek abraýly «Combat Games» halkara ýaryşy geçiriler. Dünýäniň 23 döwletinden iň güýçli türgenleri bir ýere jemlejek bu çärede türkmenistanly söweşijiler Emirhajy Hajiýew we Ruslan Bulut hem asmana baýdagymyzy galdyrmak ugrunda bäsleşerler.
"Orient" neşiriniň berýän habaryna görä ýaryşyň çäginde watandaşymyz Emirhajy Hajiýew müsürli pälwan Ýosef Elarabi bilen güýç synanyşar. Häzirki wagtda BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň birinde bilim alýan ildeşimiz sport äleminde mälim bärden tanalýan türgendir. Ol geçen ýyl taý boksy (muaý-taý) boýunça çempionlyk ugruny eýeläp, özüniň ýokary ukybyny subut edipdi.
Halkara ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik etjek beýleki bir söweşijimiz bolsa asly türkmenistanly bolup, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda ýaşaýan Ruslan Bulutdyr. Ol bu gezekki tutluşykda pakistanly türgen Aýuba Han bilen ringe çykar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu gezekki «Combat Games» ýaryşy düýbünden täze we döwrebap formatda guralýar. Sport muşdaklary ýaryşyň barşyna diňe bir zaldan däl, eýsem ýöriteleşdirilen onlaýn platforma arkaly dünýäniň islendik nokadyndan göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler hem-de internet arkaly öz goldawlaryny görkezip bilerler.
Dubaý şäherinde guraljak bu gyzykly tutluşyklar baradaky has giňişleýin maglumatlar we onlaýn ýaýlymlar «Combat Games Pro» resmi platformasynda köpçülige elýeterli bolar.
Keywords