Türkmenistanly ýaşlar üçin Şweýsariýanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda bilim almak hem-de ylmy iş alyp barmak üçin täze mümkinçilik döredildi. Şweýsariýanyň Hökümeti 2027–2028-nji okuw ýyly üçin döwlet talyp haklaryna resminamalaryň kabul edilýändigini yglan etdi.

Maksatnama boýunça degişli talaplara laýyk gelýän dalaşgärler Şweýsariýada ylmy-barlag işlerini geçirmek ýa-da doktorantura derejesinde bilim almak üçin maliýe taýdan goldaw alyp bilerler.

Dalaşgärlerden magistr derejesine ýa-da oňa deň bolan hünär derejesine eýe bolmak, 1991-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan bolmak, ylmy-barlag meýilnamasyny öňünden ylalaşmak we Şweýsariýadaky ylmy ýolbaşçydan resmi goldaw hatyny almak talap edilýär.

Ylmy-barlag maksatnamasynyň çäklerinde okuw ýa-da gözleg işleriniň möhleti 6 aýdan 12 aýa çenli bolup biler. Doktorantura üçin berilýän talyp haky bolsa bir ýyllyk möhlete niýetlenendir.

Maliýe goldawynyň düzümine aýlyk eklenç tölegleri, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy, ýaşaýyş jaýynyň kärendesi we ýol çykdajylarynyň belli bir böleginiň öwezini dolmak ýaly mümkinçilikler girýär.

Maksatnama Türkmenistanyň ylmy işgärlerine, ýaş alymlaryna we doktorantura okuwa taýýarlanýan ýaşlaryna halkara ylmy gurşawda tejribe toplamak, täze bilimleri özleşdirmek we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döredýär.

Dalaşgärler zerur resminamalary 2026-njy ýylyň 27-nji noýabryna çenli elektron görnüşde tabşyryp bilerler.