«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy watandaşlarymyzyň çagalary bilen daşary ýurtlardaky dynç alyşlarynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, ajaýyp mümkinçiligini hödürledi. Şunlukda, awiakompaniýa halkara uçar gatnawlarynda çagalar üçin ýörite ýeňilligini yglan etdi. Has takygy, ata-eneler 1-nji maý — 30-njy iýun hem-de 1-nji sentýabr — 30-njy oktýabr aralygynda görkezilen 7 ugur boýunça 12 ýaşa çenli çagalarynyň uçuş peteklerini hiç bir tölegsiz alyp bilerler:

Aşgabat — Kuala-Lumpur

Aşgabat — Hoşemin

Aşgabat — Seul

Aşgabat — London

Aşgabat — Bangkok

Aşgabat — Frankfurt

Aşgabat — Milan

Ajaýyp ýeňillik çagalaryňyz üçin dünýäni açmaga, täze täsirlere eýe bolmaga we dynç alşyňyzyň ýatdan çykmajak öwüşginlere beslenmegini üpjün etmäge şert döreder.

Habarlaşmak üçin: 39-17-17