«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Täze üýtgeşmä laýyklykda, 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan başlap bu ugur boýunça hepdäniň dowamynda 13 gatnaw amala aşyrylar.
Awiakompaniýanyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen tertibe görä, goşmaça gatnaw çarşenbe güni ýerine ýetiriler. Şeýlelikde, Aşgabat — Stambul ugry boýunça göni howa gatnawlary hepdäniň ähli günlerinde amala aşyrylar.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri uçuşlary ýerine ýetirýär. Bu günleriň köpüsinde iki gatnaw göz öňünde tutulýar.
Täze tertip güýje girenden soň, käbir uçuşlaryň wagtlary hem üýtgediler. Hususan-da, T5-921 belgili gatnaw Aşgabatdan öňki 18:20-de däl-de, 19:10-da ýola çykar. T5-901 belgili gatnawyň uçuş wagty bolsa 05:50-den 07:30-a geçiriler. Anna güni irden ýerine ýetirilýän gatnawyň wagty hem üýtgedilip, 04:35-den 03:40-a çekiler.
Aşgabat — Stambul ugry Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtly ýolagçylar üçin möhüm halkara howa ugurlarynyň biri bolup durýar. Gatnawlaryň ýygylygynyň artdyrylmagy iki şäheriň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň has amatly guralmagyna mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä, Pekine, Bangkoga, Hoşimine, Kuala-Lumpura, Seula, Londona, Frankfurta, Milana we Kazana hem göni halkara gatnawlaryny amala aşyrýar.
Täze uçuş tertibi we biletleriň elýeterliligi baradaky maglumatlary «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi çeşmelerinden anyklamak mümkindir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.