«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan birnäçe halkara ugur boýunça uçuşlaryň täze tertibine geçer. Täze meýilnama käbir ugurlarda gatnawlaryň sanyny artdyrmagy, ýolagçylar üçin uçuşlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmagy we howa gatnawlarynyň tertibini has amatly görnüşde guramagy göz öňünde tutýar.
Täze tertibe laýyklykda, Aşgabatdan Kazana amala aşyrylýan uçuşlaryň sany hepdede dörtden alty gezege ýetiriler. Goşmaça gatnawlar penşenbe we anna günlerinde ýerine ýetiriler. Şeýle hem ýekşenbe güni amala aşyrylýan T5-737 gatnawynyň uçuş wagty üýtgediler. Ol öňki 09:25 ýerine 22:45-de Aşgabatdan ugraýar.
Halkara ugurlaryň käbirinde hem gatnawlaryň sany köpeldiler. Aşgabat — Hoşimin ugry boýunça uçuşlar hepdede iki gezekden üç gezege, Aşgabat — Seul ugry boýunça bir gezekden iki gezege, Aşgabat — Milan ugry boýunça bolsa iki gezekden üç gezege ýetiriler.
Aşgabat — Stambul ugry boýunça hem goşmaça uçuş giriziler. Şeýlelikde, bu ugurda gatnawlaryň sany hepdede 12-den 13-e çenli artdyrylar. Çarşenbe güni goşmaça uçuşyň girizilmegi bilen Stambula göni gatnawlar hepdäniň ähli günlerinde amala aşyrylar.
Şol bir wagtyň özünde, Aşgabat — Deli ugry boýunça uçuşlaryň sany hepdede üçden iki gezege çenli azaldylar. Şenbe güni amala aşyrylýan gatnaw täze tertipden aýrylar.
Pekin, Bangkok, Kuala-Lumpur, London we Frankfurt ugurlary boýunça gatnawlaryň sany üýtgemez. Emma bu ugurlardaky käbir uçuşlaryň ugraýan wagtlaryna düzedişler giriziler.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň bellemegine görä, täze tertip halkara ugurlarda ýolagçy gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we isleg bildirilýän ugurlarda uçuş mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Uçuşlaryň täze tertibi we wagtlary barada has giňişleýin maglumat bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi internet saýtynda tanşyp bolýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.