Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda azyk howpsuzlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze ylalaşyk tassyklanyldy. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň hökümetleriniň arasynda azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygy tassyklamak baradaky karara gol çekdi.
Bu barada Azerbaýjanyň «Report» habar gullugy maglumat berdi.
Karara laýyklykda, ylalaşyk güýje girenden soň, Azerbaýjanyň Azyk howpsuzlygy agentligi onuň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça degişli işleri alyp barar. Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligine bolsa zerur içerki döwlet proseduralarynyň tamamlanandygy barada Türkmenistanyň Hökümetine habar bermek wezipesi ýüklenildi.
Ylalaşyk iki ýurduň arasynda azyk howpsuzlygy boýunça maglumat we tejribe alyşmak, degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin hukuk binýadyny döreder.
Degişli resminama şu ýylyň 22-nji iýunynda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda gol çekilipdi.
Täze ylalaşygyň tassyklanmagy iki ýurduň arasynda oba hojalygy we azyk üpjünçiligi bilen bagly ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki işleriň ösdürilmegine mümkinçilik berer.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.