
Duşuşykda taraplar demir ýol ulgamy arkaly iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, şol sanda Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran halkara demir ýol ugrunyň mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
“Aşgabadyň Ylalaşygy” (Türkmenistan, Özbegistan, Eýran, Oman) boýunça halkara ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek, şeýle hem Armanystan–Eýran–Türkmenistan–Gazagystan ugurlary boýunça ýük daşamalaryny artdyrmak meselelerine hem aýratyn üns berildi.
Taraplar, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, demir ýol ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ylalaşdylar.
Keywords