Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Çäre energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ylmy-tehniki tejribäni öwrenmäge we innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga bagyşlandy.
Okuw maslahaty Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy çäreler» taslamasynyň goldawy bilen guraldy.
Çäräniň dowamynda gaz guýularyny burawlamakda we uglewodorod serişdelerini saklamakda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary boýunça okuw sapaklary geçirildi. Gatnaşyjylar nebitgaz guýularyny burawlamagyň döwrebap usullary, uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek we howpsuz saklamak tehnologiýalary bilen tanyşdylar.
Şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri, wodorod ýangyjyny öndürmegiň usullary we energetika pudagynda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maslahatyna gatnaşan ýaş hünärmenler, mugallymlar we talyplar daşary ýurtly professorlar hem-de mugallymlar bilen özara pikir we tejribe alyşdylar. Olar energetika pudagynda ulanylýan täze tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň häzirki ugurlary we önümçilikde innowasion çözgütleriň ornaşdyrylyşy barada maglumat aldylar.
Çäräniň çäklerinde Germaniýadan gelen myhmanlar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, ylmy-barlag barlaghanalarynyň we ýöriteleşdirilen merkezleriniň işi bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň mümkinçiliklerine syn etdiler.
Uniwersitet bilen tanyşlyk daşary ýurtly hünärmenlere ýokary okuw mekdebinde hünärmenleri amaly taýdan taýýarlamagyň häzirki ýagdaýyna, ylmyň we önümçiligiň özara utgaşdyrylmagyna hem-de bilim ulgamynyň aýratynlyklaryna has giňişleýin düşünmäge mümkinçilik berdi.
Maslahata gatnaşyjylar ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere ýokary baha berdiler. Şeýle-de taraplar özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan edip, bilelikdäki işleriň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýaş hünärmenleriniň nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem bilim we ylym ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etdi.
Okuw maslahatynyň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, energetika pudagynda innowasion çemeleşmeleri öwrenmek, amaly okuwy ösdürmek we pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugrunda möhüm ädim boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.