2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M. Hudaýgulyýewiň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Kataryň Baş gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Jamal gepleşik geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek, eksport-import amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we milli gümrük ulgamyny halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Gepleşiklerde gümrük edaralarynyň arasynda özara tejribe alyşmak, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we halkara tejribäni ornaşdyrmak, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, söwda amallarynyň tizligini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda gümrük ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gol çekilen resminama iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, gümrük işinde tejribe alyşmagy işjeňleşdirmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.