Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhet geçelgelerinden her gün takmynan 250 sany ýük awtoulagy hereket edýär. Bu barada Owganystanyň RTA teleýaýlymy Hyrat welaýatynyň häkimliginiň resmi metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, 2026-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda Turgundy demir ýol portunyň üsti bilen amala aşyrylan ýük daşamalarynyň möçberi geçen döwür bilen deňeşdirilende 50 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe bu ugur arkaly Owganystana 597 müň 489 tonna dürli görnüşli haryt getirilipdir. Şol bir wagtyň özünde, 11 müň 335 tonna ýük daşary ýurt bazarlaryna ugradylypdyr.
Bu görkezijiler Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhetüsti ulag we söwda gatnaşyklarynda awtomobil hem-de demir ýol gatnawlarynyň möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.