Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda atçylyk sporty we halkara syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň Premýer-ministriniň syýahatçylyk boýunça geňeşçisi we milli utgaşdyryjysy, «Centaurus Group» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Sardar Ýasir Ilýas Han bilen duşuşygynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Yslamabat şäherinde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde atçylyk pudagynyň we syýahatçylygyň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi. Şunda Türkmenistanyň milli atçylyk däpleriniň, ahalteke bedewleriniň hem-de atçylyk medeniýetiniň halkara derejede wagyz edilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda milli atçylyk mirasyna aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şeýle-de 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlarda geçiriljek ahalteke bedewleriniň arasyndaky ilkinji dünýä çempionatynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Pakistanyň iri işewür toparlarynyň wekili Türkmenistan bilen atçylyk we syýahatçylyk ugurlarynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi. Şol sanda iki ýurduň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we atçylyk-sport guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek, hünärmenleriň tejribe alyşmagyny ýola goýmak hem-de täze syýahatçylyk ugurlaryny döretmek teklip edildi.
Taraplar atçylyk sporty bilen bir hatarda, atçylyk syýahatçylygyny ösdürmegiň hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmäge goşant goşup biljekdigini bellediler.
Duşuşygyň netijeleri Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça ösdürmäge, milli atçylyk mirasyny halkara derejesinde giňden wagyz etmäge we syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.