2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi M. Işangulyýew bilen Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammet Selami Ýazyjynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşylyp, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Türkiýäniň däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar migrasiýa ulgamyndaky özara gatnaşyklary geljekde hem yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.