2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Brýussel şäherinde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mammetguly Astanagulowyň hem-de Ýewropa Daşary Aragatnaşyklar gullugynyň (EEAS) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryş müdiriniň orunbasary Audrone Perkauskieneniň bilelikdäki başlyklygynda geçirildi.

Mejlisiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak we sanlylaşdyrmak meselelerine garaldy.

Duşuşygyň gün tertibinde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulyşmak işinde Ýewropa Bileleşiginiň berip biljek goldawy hem aýratyn orun eýeledi. Şeýle hem taraplar häzirki makroykdysady ýagdaýy we özara söwda gatnaşyklarynyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow, bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Nury Jumaşew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Begenc Akyýew, şeýle-de Daşary işler we Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşigine wekilçilik eden wekiliýetiň düzümine bolsa EEAS-yň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky ilçisi Lýuk Dewinýe, şeýle-de Ýewropa Komissiýasynyň söwda, halkara hyzmatdaşlygy, energetika, ulag, ykdysadyýet, maliýe, bilim, zähmet we ylmy barlaglar boýunça degişli bölümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri girdiler.

Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisi ozal başlanan taslamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ykdysady we pudaklaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.