Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýa ulgamynda emeli aň tehnologiýalaryny parahatçylykly hem-de jogapkärçilikli peýdalanmak boýunça halkara kodeksini işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürýär. Bu teklip Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny beýan edýän resminamasynda öz beýanyny tapdy.

Resminamada sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň çalt ösmeginiň häzirki döwrüň halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan emeli aňyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýa ulgamynda diňe parahatçylykly maksatlar bilen ulanylmagyny üpjün etmek üçin BMG-niň howandarlygynda halkara kodeksiniň döredilmegini teklip edýär.

Bu başlangyç emeli aň tehnologiýalaryny ulanmakda umumy halkara ýörelgeleri kemala getirmäge, olaryň jogapkärçilikli peýdalanylmagyny goldamaga we döwletleriň arasynda sanly ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Aşgabat şäherinde sanly ynanyşmak we emeli aňdan jogapkärçilikli peýdalanmak meselelerine bagyşlanan halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu forumyň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler boýunça halkara hünärmenleriň pikir alyşmagy we netijeli teklipleri işläp taýýarlamagy üçin möhüm meýdança bolmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ýene biri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de goldamak bilen baglydyr. Türkmenistan bu maksatdan ugur alyp, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň bu teklipleri sanly tehnologiýalaryň ösýän şertlerinde halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze tehnologiýalardan parahatçylykly we jogapkärçilikli peýdalanmak boýunça umumy ýörelgeleri döretmäge hem-de Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.