
14-15-nji aprel aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň «Ösüş üçin innowasiýalar – 2026» atly sergi-bäsleşigini guraýar.
Institut bu çärä gatnaşmaga ylmy-barlag işlerine gyzyklanma bildirýän we ylmyň dürli ugurlarynda gazananlary bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çagyrýar.
Sergi-bäsleşige gatnaşmak isleýänler gatnaşyjy talyplar, olaryň taslama işleri we ylmy ýolbaşçylary baradaky maglumatlary öz içine alýan resmi haty 1-nji aprele çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna ibermelidirler.
Bäsleşigiň geçirilşi we gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy baradaky giňişleýin maglumatlar mugallymçylyk institutynyň https://www.tdmugi.edu.tm/news/details/127 saýtynda ýerleşdirildi.
Guraljak çäräniň maksady — hünär döredijiligine, ylmy-taslama we barlag işlerine aýratyn gyzyklanma bildirýän zehinli ýaş alymlary ýüze çykarmakdan we goldamakdan, türkmen ýaşlaryny ylma çekmekden hem-de ylmy maglumatlary özara alyşmak, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, ýaşlaryň ylmy jemgyýetçiligini giňeltmek we ylym-bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin platforma döretmekden ybaratdyr.
Keywords