2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Türk-Anadoly mekdebinde Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän daşary ýurtly dalaşgärler üçin niýetlenen TR-ÝÖS synagy ilkinji gezek geçirildi. Bu waka Türkiýede bilim almak isleýän türkmenistanly ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Aşgabatdaky Türk-Anadoly mekdebiniň resmi Instagram sahypasynda berlen maglumata görä, Türkiýäniň Ölçeg, saýlama we ýerleşdiriş merkezi (ÖSYM) tarapyndan guralýan 2026-TR-ÝÖS/2 synagy Türkmenistanda ilkinji gezek geçirildi.

TR-ÝÖS näme?

TR-ÝÖS (Türkiye Yurt Dışından Öğrenci Kabul Sınavı) — Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän daşary ýurtly dalaşgärler üçin geçirilýän merkezi kabul ediş synagydyr.

Synag ÖSYM tarapyndan guralýar. Onuň netijeleri Türkiýäniň degişli ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmek üçin ulanylyp bilner. Synagda dalaşgärleriň, esasan, matematiki taýýarlygy we logiki pikirlenmek ukyplary barlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, synagyň netijeleriniň kabul edilmegi, dalaşgärlere bildirilýän goşmaça talaplar we okuwa kabul etmek baradaky gutarnykly çözgüt degişli ýokary okuw mekdepleriniň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär.

Synagyň netijeleri haçan yglan ediler?

ÖSYM tarapyndan çap edilen senenama laýyklykda, 2026-TR-ÝÖS/2 synagynyň netijeleriniň 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda yglan edilmegine garaşylýar.

Aşgabatdaky Türk-Anadoly mekdebi synagyň geçirilmegine ýardam beren edaralara we jogapkär işgärlere minnetdarlyk bildirip, oňa gatnaşan dalaşgärlere üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanda TR-ÝÖS synagynyň geçirilmegi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlar üçin amaly taýdan amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýär. Bu mümkinçilik dalaşgärlere synaga gatnaşmak üçin daşary ýurda gitmezden, Aşgabatda synag tabşyrmaga şert döredýär.