Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 20-nji noýabrda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Kartografiýa boýunça II internet ders bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik sagat 15:00-da başlap, zehinli talyplary ýüze çykarmaga we olaryň hünär ugurlary boýunça bilimlerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Bäsleşigi institutyň Geodeziýa kafedrasy guraýar. Çäräniň guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak üçin ýörite topar döredilip, guramaçylyk toparynyň we eminler toparynyň düzümi institutyň rektory tarapyndan tassyklanylýar.

Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepleri 10-njy noýabra çenli bäş talypdan köp bolmadyk toparyň hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny tdbgikartografiya8@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler.

Ugradylýan maglumatlarda talyplaryň okaýan fakulteti, hünäri, okuw ýyly, familiýasy we ady, şeýle hem ýolbaşçy mugallymyň ady, familiýasy, işleýän kafedrasy, elektron poçta salgysy we telefon belgileri görkezilmelidir.

Bäsleşik şahsy görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylara 50 sany test soragy hödürlenip, olary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berler. Bäsleşigiň geçirilişine «Zoom» programmasy arkaly gözegçilik ediler, ýumuşlar bolsa institutyň resmi web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, foto-, audio- we wideoenjamlary, ýazga alyjy enjamlary, maglumat göterijileri hem-de maglumat alyş-çalşygy üçin niýetlenen beýleki serişdeleri ulanmak gadagan edilýär. Şeýle hem başga adamlardan kömek almak, kitaplardan ýa-da internetden peýdalanmak we beýleki gatnaşyjylar bilen maslahatlaşmak düzgün bozulmasy hasaplanýar. Bu talaplary berjaý etmedik gatnaşyjy bäsleşikden çykarylyp bilner.

Gatnaşyjylaryň işlerine institutyň tejribeli mugallymlaryndan düzülen eminler topary baha berer. Bäsleşigiň netijeleri 100 ballyk ulgam esasynda kesgitleniler. Ýeňijiler toplan ballarynyň jemi boýunça şahsy we toparlaýyn görnüşlerde kesgitleniler.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, ýeňijileriň sany gatnaşyjylaryň umumy sanyna bagly bolar. Gatnaşyjylaryň 5 göterimine I derejeli, 10 göterimine II derejeli, 15 göterimine bolsa III derejeli diplomlaryň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Netijeler degişli resminamalar bilen tassyklanylyp, ýeňijiler baradaky maglumatlar institutyň resmi web sahypasynda ýerleşdiriler.

Gatnaşyjylar bäsleşigiň netijeleri boýunça arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyrlar. Arz-şikaýatlar elektron poçta arkaly diňe toparyň ýolbaşçysy tarapyndan berlip bilner. Olara eminler topary seredýär, gutarnykly çözgüdi bolsa eminler toparynyň başlygy kabul edýär.

Bäsleşigiň möhletleri, şertleri we beýleki talaplary barada goşmaça maglumatlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň resmi web sahypasyndan alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin: +993 61 66 94 21.

Elektron poçta: tdbgikartografiya8@gmail.com.

Bäsleşik sanly bilim ulgamyny ösdürmek, tebigy we takyk ylymlary okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň çäklerinde geçirilýär. Şeýle çäreler talyplaryň kartografiýa boýunça bilimlerini barlamaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de olaryň hünär taýýarlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.